SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym edilenler Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyp bilerler

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Bill de Blasio koronawirus (Covid-19) epidemiýasy sebäpli geçen ýyl “Taýms” meýdanynda wirtual ýagdaýda geçirilen Täze ýyly garşylamak däbiniň üstümizdäki ýyl öňki ýagdaýyna dolanyp gelendigini we sanjym alanlaryň hemmesiniň dabaralara isleglerine görä gatnaşyp biljekdigini aýtdy.De Blasio : “Nýu-Ýork şäheriniň 100 göterim yza gaýdyp gelendigini bütin dünýä subut etjek taryhy pursata goşulyň.” diýdi. Nýu-Ýorklylary Täze ýylda däp bolan dabaralara çagyran de Blasio: “Bu ýyl ýüzlerçe müň adamyň gatnaşmagyny isleýäris, ýöne her kime sanjym edilmeli”-diýdi.De Blasio sanjym edilmedik adamlaryň sanjymlaryny 31-nji dekabra çenli tamamlamagy üçin bu habary ir berendiklerini mälim etdi.ABŞ-da Täze ýyl baýramçylygynyň iň meşhur ýeri bolan Nýu-Ýork “Taýms” meýdanynda Täze ýyl baýramçylygy geçen ýyl täze görnüşli koronawirus (Covid-19) epidemiýasynyň kölegesinde geçipdi. Sowuk howanyň bardygyna garamazdan, her ýyl ýüzlerçe müň adam meýdançany doldurýar we geçen ýyl dabaralara diňe çagyrylan myhmanlar gatnaşyp bildiler. “2020-nji ýylyň gahrymanlary” ady bilen “Covid-19” epidemiýasyna garşy göreşde birinji hatarda duran saglyk, adatdan daşary ýagdaýlar we beýleki hyzmatlar pudaklaryndan 40 töweregi adam meýdançadaky dabaralara tomaşa edip, sosial aralygy synladylar. Aktýor Jonatan Bennetiň alyp baran Täze ýyl baýramçylygy teleýaýlym kanallarynda we internetde mahabat bolmazdan halka hödürlendi.

Dürli estrada aýdym-saz we tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary uly gyzyklanma döretdi. Jennifer Lopez we Kyndi Lauper ýaly meşhur aýdymçylar konsert berdiler. Hasaplamalara görä, “Covid-19” sebäpli 2020-nji ýylda köpçülige ýapyk bolan dabaralara ýerli kanallarda, internet portallarynda we sosial media programmalarynda göni ýaýlymda 1 milliard adam tomaşa edipdir.

 

Kembrij sözlügi ýylyň sözüni yglan etdi

 

 

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!