SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym dünýä ýaýrap başlady

Koronawirus keseline garşy döredilen sanjymlar synaglaryny üstünlikli tamamlap, laboratoriýalardan dürli ýurtlara goýberilip başlandy. Sanjymy ilkinjiler bolup ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Ysraýylyň ýaşaýjylary sanjym etdirdiler. Ysraýylyň hökümeti “Pfizer” kompaniýasynyň 8 million doza sanjymyny almak barada ylalaşdy. Bu bolsa ilatyň 4 million adamsyna ýetýär we 9-njy dekabrda sanjymyň birinji tapgyryny bu döwlete eltip berdiler. 4-nji ýanwaryň gün tertibe esaslanyp, 1,2 million ysraýyl ýaşaýjylary bu sanjymyň birinji dozasyny etdirdiler. Şeýle hem şol günde Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersiteti we “AstraZeneca” kompaniýasynyň bilelikde öndüren sanjymyny, ilata köpçülikleýin sanjym edip başlandygy barada habar beripdik. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň häkimiýetleri, köpçülikleýin sanjym işini çaltlaşdyrmak we ilatyň ýaýramagyny ýokarlandyrmak üçin “Moderna” kompaniýasynyň sanjymyny diňe ýarysyny sanjym üçin ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar