ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde 27–28 sentýabr 2025 senesinde geçirilen 2-nji Türk Festiwaly Embarkadero Plaza meýdançasynda uly dabara bilen geçirildi. Iki günläp dowam eden bu baýramçylyk çärelerine müňlerçe myhman we Amerikada ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri gatnaşdylar. Festiwalda dürli ýurtlaryň medeniýetine degişli çykyşlar, sergiler we milli tagamlar görkezildi.
Şol giň gerimli çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk şanly baýramy hem diaspora bilen birlikde bellenildi. Meýdançada mikrofonlardan ýurdumyza degişli Garaşsyzlyk gutlaglary ýaňlanyp, ýaş türkmen ýigidi Ýsmayyl ýaşyl Tugumyzy buýsanç bilen göterdi.
Myhmanlaryň uly gyzyklanmasy
Iki günläp dowam eden festiwalda müňlerçe san-fransiskoly, Amerikada ýaşaýan türkmenler we dünýäniň dürli künjeginden gelen myhmanlar “Ata Watan Türkmenistanyň” sergi stendine gelip, Watanymyz bilen tanyşdylar. Olar Türkmenistana syýahat etmek baradaky isleglerini bildirdiler we ýurdumyzyň mümkinçiliklerine aýratyn gyzyklanma görkezdiler. Bu bolsa türkmen syýahatçylyk kompaniýalarynyň Ata Watanymyzy has giňden tanyşdyrmakda we halkara syýahatçylara berýän hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmakda nähili wajypdygyny ýene bir gezek açyp görkezdi.
Şweýsariýadan iş sapary bilen gelen bir ildeşimiz hem Embarkadero Plaza meýdançasynda ýaşyl Tugumyzy görüp, stendimize geldi. Şeýle-de, 40 ýyla golaý mundan ozal Türkmenistandan ABŞ-a gelen watandaşymyz bu ýyl hem sergi stendimize geldi. Dünýäniň iň iri çip kompaniýalarynyň birinde zähmet çekýän, ylymlaryň doktory derejesine eýe bolan bir türkmen ildeşimiz hem maşgalasy bilen stendimize gelip, şeýle sergileriň ähmiýetini nygtady. Bu ýagdaý dünýäniň dürli künjeginde okaýan, ýaşaýan we işleýän ildeşlerimiziň Ata Watanymyzy tanyşdyrmak çärelerini has köp geçirmelidigini ýene bir gezek subut etdi.
Kitaplar we medeni miras
Sergide ýakynda neşir edilen “Makul sözlük” kitaby görkezildi. Myhmanlar iňlis sözleriniň türkmençe manylaryna seredip, türkmen diliniň baýlygy bilen gyzyklandylar. Stanford uniwersitetden bir alym Makul Sözlük bilen aýratyn gyzyklanyp, özleriniň ýakynda Türkmen dilini öwretmek bilen baglanşykly bir taslamasy üçin Makul Sözlügiň gymmatly çeşme boljakdygyny belläp geçdi. Şeýle hem beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen dilindäki eseri sergimize aýratyn bezeg berdi. Şol ýerde Pyragynyň döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine iňlisçe görnüşde ýetirmegiň wajypdygy nygtaldy.
Milli tagamlar we sungat çykyşlary
Kaliforniýada ýaşaýan türkmen maşgalalarynyň taýýarlan milli pişmeleri ýüzlerçe myhmana hödürlenildi. Sergidäki türkmen stendinde hiç zat satylmady, emma türkmen el işleri myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu ýagdaý Amerikada türkmen sungat we el işleri bazaryny döretmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny ýene bir gezek görkezdi.
Festiwalda gazak, türk, azerbaýjan, özbek we beýleki doganlyk halklaryň wekilleri hem öz sungat çykyşlaryny görkezdiler. Munuň özi geljekde şeýle festiwalyň çäklerinde türkmen sungat toparlarynyň hem çykyşlaryny guramagyň wajypdygyny görkezdi.