SPORT

Samuel Eto’O futbol federasiýanyň başlygy boldy

Dünýäniň iň güýçli futbol toparlarynda oýnan kamerunly Samuel Eto’O öz ýurdunyň futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy. Bu barada Federasiýanyň metbugat gullugy habar berýär.

“Barselona”, “Çelsi” we beýleki köp sanly toparda oýnan Samuel Eto’O mundan beýläk Kamerunyň futbol federasiýasynyň ýolbaşçy wezipesini alyp barar.

40 ýaşyndaky Samuel Eto’O 2019-njy ýylda futbol karýerasyny tamamlady. Ol soňky gezek Kataryň “Katar SK” toparynda oýnapdy. Ol Ispaniýanyň, Angliýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň we Italiýanyň köp sanly toparynda hüjümçi bolup oýnady.

Kamerunly hüjümçi Ispaniýada “Real”, “Malýorka”, “Barselona”, “Leganes” we “Espanýol”, Italiýanyň “Inter” we “Sampdoriýa”, Angliýanyň “Çelsi” we “Ewerton”, Türkiýäniň “Antalýaspor” we “Konýaspor” toparlarynda çykyş etdi.

Ol futbol karýerasy döwründe 3 gezek Ispaniýanyň çempiony, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, 2 gezek Ispaniýanyň we Italiýanyň kuboklarynyň ýeňijisi, Ispaniýanyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy. Şeýle hem ol italiýanyň çempiony we Italiýanyň Superkubogyny hem eýelemegi başardy.

Tejribeli futbolçy öz ýurdunyň, ýagny Kamerunyň milli ýygyndysynyň düzüminde 118 duşuşykda çykyş edip, 56 gezek tapawutlandy. Ol öz ýurdunyň milli ýygyndysynyň taryhynda bu babatda iň ýokary görkezijä eýe boldy.

Samuel Eto’O Kamerunyň milli ýygyndysy bilen 2000-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň çempiony, 2 gezek Afrika milletleriniň kubogynyň ýeňijisi boldy. Mundan başga-da, ol 4 gezek Afrika yklymynda ýylyň futbolçysy saýlandy.

 

Türkmenistan-BMG: 26 resminama gol çekildi

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”