TEHNOLOGIÝA

“Samsung” kompaniýasyndan nämeler garaşylýar?

Dünýä belli “Samsung” kompaniýasy täze telefondyr elektronika enjamlaryny halk köpçüligine hödürlemäge taýýarlanýar. Şu ýylyň 10-njy awgustynda, ýagny ertir bu kompaniýa her ýyl bolşy ýaly, täze önümlerini tanyşdyrar.

Bu gezek “Samsung” kompaniýasyndan nämelere garaşylýar. Kompaniýanyň maglumatyna görä, bu gezekki tanyşdyrylyş dabarasy has giň gerimli bolar. Telefon we elektronika enjamlary bazarynyň öňdebaryjy bolan koreý kompaniýasy eplenýän we çeýe telefonlaryň täze görnüşlerini, smartfon kitapjyklaryny, şeýle hem akylly sagatlaryň 2 görnüşini, nauşnikleri we birnäçe aksessuarlary tehnologiýa ulgamynyň muşdaklaryna ýetirmegine garaşylýar.

Kompaniýanyň eplenýän smartfon bazarynda orun aljak “Galaxy Z Fold 4” smartfony ozalkylaryndan birnäçe aýratynlyklary boýunça tapawutly bolar. Onuň ýady güýçlendirilip, dülri reňkde hem-de kamerasynyň surata alyş aýratynlyklary has-da kämil bolar.

Mundan başga-da, “Galaxy Z Flip 4” eplenýän telefon hem köpleri haýrana goýar. Bu kompaniýanyň “Galaxy Watch 5” hem-de “Galaxy Watch 5 Pro” akylly sagatlary peýda bolar. Sagat ýüregiň uruş tizligini, ganyň kislorod bilen üpjünçiligini we EKG-ni ölçer.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi