SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Şäherara ugurlar boýunça awtobuslaryň gatnawynyň sany artdy

Awtomobil Ulag Hyzmaty” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň saýtynda habar berilişine görä, hepdelik gatnawyň sany dörde ýetirildi.

Habarda bellenişine görä, 2021-nji ýylyň maý aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde hepde-de üç gezek hereket edýän Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat, Aşgabat – Mary we Mary – Aşgabat hem-de hepdede bir gezek Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawyna ýene-de bir gatnaw goşulyp, hepdelik gatnawyň sany dörde ýetirildi.

Şäherara ugurlar boýunça awtobuslaryň gatnawlarynda Ýolagçylaryň şu düzgünleri berjaý etmekleri möhümdir:

  1. Ýurdumyzyň çäklerine ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ulag serişdeleriniň ähli görnüşlerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmegiň Tertibine laýyklykda, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şäherara ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçirilmeli.
  2. Her bir ýolagçy ýol petegini almazdan öň «Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasy we Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen topar tarapyndan «Welaýatlara gitmek üçin iş toparynyň Rugsatnamasy» bolmaly.
  3. Ýolagçylar ýazgyda duran ýerine yzyna dolanyp gaýtmagy üçin ýol petegini alýan wagty şu tertibiň ikinji bölegindäki resminamalar talap edilmeýär.
  4. Şäherara ugur boýunça gatnaýan awtobuslara başlangyç we ahyrky duralgadan başga ýerlerde ýolagçy mündürmegi gadagan etmeli.
  5. Her bir ýolagçy awtomenzile girmezden ýa-da awtobusa münmezinden öň bedeniniň gyzgyny ölçenilip, antiseptiki serişdeler bilen elleri zyýansyzlandyrylmaly, awtomenzilde we awtobusda agyz-burun örtüklerini ulanmagy, kesgitlenen aralygy saklamak bilen jemgyýetçilik gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmeli.
  6. Ýolagçylaryň ýol petegi we degişli saglyk kepilnamasy bolmadyk we bedeniň gyzgyny ýokary bolan ýagdaýynda, olaryň awtobuslara mündirilmegini gadagan etmeli.
  7. Şäherara ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslar diňe welaýatlaryň araçäklerinde ýerleşýän gara ýollaryň ugrundaky gözegçilik nokatlarynda saklanylyp we ol ýerdäki topar tarapyndan ýolagçylaryň degişli resminamalary barlanylyp bilner, şol wagtda sürüji awtobusyň içini ýelejiretmeli.
  8. Türkmenistan Içeri işler ministrliginiň jemgyýetçilik howpsuzlyk bölümi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we kesselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy tarapyndan tertip düzgüniň we jemgyýetçilik gigiýena düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edilmeli.

Gatnawyň tertbi bilen aşakda tanşyp bilersiňiz!

«Aşgabat-Daşoguz-Aşgabat-Mary-Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat» şäherara ugurlar boýunça awtobuslaryň gatnawyny ýola goýmak boýunça synag hökmünde gatnamagyň:

Tertibi

ugruň ady awtobusyň her hepdäniň ugraýan wagty barýan wagty
ýolagçy sygymlylygy sany
1 Aşgabat-Daşoguz 44 4 duşenbe 07:00-

07:15-07:30-07:45

17:00-17:15-17:30-17:45
penşenbe 07:00-

07:15-07:30-07:45

17:00-17:15-17:30-17:45
şenbe 07:00-

07:15-07:30-07:45

17:00-17:15-17:30-17:45
2 Daşoguz-Aşgabat 44 4 sişenbe 07:00-

07:30-08:00-08:30

17:00-17:30-8:00-18:30
anna 07:00-

07:30-08:00-08:30

17:00-17:30-8:00-18:30
ýekşenbe 07:00-

07:30-08:00-08:30

17:00-17:30-8:00-18:30
3 Aşgabat-Mary 44 4 çarşenbe 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-16:00-17:00-18:00
anna 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-16:00-17:00-18:00
şenbe 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-16:00-17:00-18:00
4 Mary-Aşgabat 44 4 penşenbe 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-16:00-17:00-18:00
şenbe 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-16:00-17:00-18:00
ýekşenbe 08:00-

09:00-

10:00-11:00

15:00-16:00-17:00-18:00
5 Aşgabat-Türkmenbaşy 44 1 şenbe 10:00 21:00
6 Türkmenbaşy-Aşgabat 44 1 ýekşenbe 08:00 19:00

 

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder