TEHNOLOGIÝA

Şahadatnamaly elektrik uçar

Sloweniýada ýerleşýän «Pipistrel Aircraft» kompaniýasy tarapyndan öndürilen «Velis Electro» atly uçar Ýewropanyň Raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy gullugy tarapyndan tassyklanan dünýäde ilkinji doly elektrik uçarydygy habar berildi.

«Pipistrel Aircraft» tarapyndan öndürilen «Velis Electro» uçary şahadatnama alan ilkinji doly elektrik uçar modeli boldy.

Ýewropanyň Raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy gullugy tarapyndan berlen beýanatda «Velis Electro» uçaryna diňe elektrik uçar kategoriýasynda dünýäde ilkinji şahadatnamanyň gowşurylandygy mälim edildi.

Ekologiýa taýdan durnukly awiasiýa ugrunda möhüm tapgyrdygyny mälim eden beýannamada «Velis Electro» uçarynyň 2 adama we synag üçin niýetlenendigi aýdylýar.

Beýanatda şahadatnamanyň uçar 3 ýyldanam az wagtyň içinde tamamlanandygy aýdylýar.

«Velis Electro» uçarynyň 76 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bilen hereket edýändigi we gezelenç tizliginiň sagatda 170 kilometre barabardygy habar berildi.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar