SIZDEN GELENLER

Saglygym – baş baýlygym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda halk bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerilip, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de olary ýok etmek boýunça saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda uly işler alnyp barylýar. Şeýle netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynyň hyzmatynyň hilini ýokarlandyrýar we onuň elýeterliligini üpjün edýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijesinde, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine çykaryldy. Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamyna halkara ölçeglerine we talabyna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylyp, türkmen lukmanlarynyň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn uly üns berýär. Şol sebäpden häzirki wagtda bu ulgamda uly öňegidişlikler, üstünlikler gazanyldy. Lukmançylykda dünýä tejribesiniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandy.

Türkmenistanda ýaşaýan raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almaklary we saglyklaryny dikeltmekleri üçin şypahanalardyr sagaldyş merkezleri hem hereket edýär. Şeýle hem täze döwrebap şypahanalar gurulýar we hereket edýän sagaldyş merkezleriniň durky yzygiderli täzelenilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky şypahanalar, has takygy, Ahal welaýatyndaky «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat», Balkan welaýatyndaky «Mollagara», «Awaza» şypahanalary, Daşoguz welaýatyndaky «Daşoguz», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly», Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalary tutuş ýylyň dowamynda saglygyny dikeldýän raýatlarymyza hyzmat edýär.

Ýene-de buýsançly bellemeli hakykat hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, aýratyn hem eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Bu işler milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmekde ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylýandygyny aýdyň görkezýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde birnäçe çäreler amala aşyrylýar.

Bu işleriň netijesinde ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejesinde ykrar edilýär. Bu ugurda gazanylan üstünliklere Türkmenistana gowşurylan güwänamalar we beýleki resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene − sagdyn çaga − sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýändiginiň, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleriniň toplumlaýyn esasda yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň anyk tassyknamasy bolup durýar.

Bagtyýar halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy barada tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Oguljennet Momodowa, 

103-nji çagalar bakja-bagynyñ müdiri.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri