Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy.
Geçen ýylyň dowamynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy ulanmaga berildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gymmatly gollanmasyna öwrüldi. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Bu düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Kitap okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
«Baýramaly», «Berzeňňi», «Bagabat», «Arçman», «Ýyly suw», «Farap», «Mollagara», «Daşoguz» şypahanalary we saglygy dikeldiş merkezleri ýurdumyzyň ilatynyň saglygy dikeltmek hem-de bejermekde uly ähmiýete eýe bolan lukmançylyk desgalary bolup hyzmat edýär. Bejergi we saglygy dikeltmegi guramak nukdaýnazaryndan, türkmen şypahanalary lukmançylyk hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň bejergi serişdeleriniň eksport gymmatyny ýokarlandyrmak bilen, häzirki günde dünýä derejesine çykýar.
Saglygy goraýyş ulgamynda döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerli çig mallardan bejeriş serişdelerini öndürmek boýunça täze kärhanalar açyldy. Şolaryň hatarynda Jebeldäki bejergi palçygyny we deňiz duzuny gaplamak boýunça zawody, Bereketdäki ýod öndürýän kärhanany, Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanany, bejeriş häsiýetli mineral suwy öndürýän “Berzeňňi” kärhanasyny görkezmek bolar. Aşgabatda, Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda we Tejende ýerleşýän natriý gipohloridini öndürmek boýunça önümhanalar ýurdumyzyň zyýansyzlandyryjy serişdelere bolan gündelik zerurlygyny doly kanagatlandyrýar. “Buýan” agrosenagat toplumynyň önümleri-de ildeşlerimiziň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Biz ― lukmanlar bu günki gün iň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda işleýäris. Şeýle ajaýyp iş şertlerini, giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we lukman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, başlary aman bolsun, işleri hemişe rowaç alsyn!
Alma Annabaýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.