DÜNÝÄ

Saglygy goraýyş, bilim we sport ugurly halkara sergi öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi öz işine başlady. Günüň ikinji ýarymynda bolsa onuň çäklerinde ylmy maslahat geçiriler.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanan nobatdaky gözden geçiriliş Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän bu serginiň hem-de maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýetiniň boljakdygy nygtalýar.

Ýeri gelende bellesek, şu günki sergä halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri, lukmançylyk, sport enjamlaryny öndürmäge, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen 30-dan gowrak ýurdundan 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahat bolsa dünýäniň 20-ä golaý döwletinden daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny, professorlaryny bir ýere jemlär.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýän saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler, döwlet maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän sergi bölümleri ýerleşdirildi. Olarda täze taryhy döwürde döredijilikli ösüş ýoly bilen öňe barýan bu ugurlarda gazanylan üstünlikler giňden beýan edilýär.

Dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň möhüm durmuş ulgamlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakda, özara gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, pikir we tejribe alyşmakda şeýle köpugurly gözden geçirilişleriň ähmiýeti örän uludyr.

Ýene-de okaň

Suw hojalygy boýunça döwletara komissiýasynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Koreýa Respublikasynyň milli baýramynyň dabarasyna gatnaşdy

Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň taryhy duşuşygy

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşygy

Moskwa şäherinde «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy geçirildi