SIZDEN GELENLER

Sagdynlygyň binýady

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça uly işler alnyp barylýar. Sebäbi halkyň saglygy abadan we bagtyýar durmuşyň berk binýadyny üpjün edýär. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda öňde durýan wezipeleri döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürýär.

«Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar» diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler, ilkinji nobatda, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de sag­ly­gy jem­gy­ýe­tiň esa­sy gym­mat­ly­gy hök­mün­de sar­pa­la­mak dä­bi döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýär, ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň kä­mil ul­ga­my dö­re­dil­di. Bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň sag­dyn, ber­ka­rar jem­gy­ýet­de ýa­şa­ma­gy üçin döw­le­ti­miz­de äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Bu şert­ler mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­me­gi­niň, sag­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň ös­me­gi­niň, ýaş nes­liň ah­lak we ru­hy taý­dan kä­mil ter­bi­ýe­len­me­gi­niň mak­sat­la­ry­na gul­luk ed­ýär. Bu ugur­da ýur­du­my­zyň hu­kuk bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­ýän­di­gi hem aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip ykrar edilen ata Watanymyzda halkyň sagdyn ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Saglyk, sagdynlyk adamzat durmuşynyň bahasyna ýetip bolmaýan iň gymmatly baýlygydyr. Halkyň saglygynyň aladasy, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugrudyr.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarydyr ýöriteleşdirilen toplumlary, şypahanalar gurlup, işe girizilýär, saglygy goraýyş edaralarynda lukmançylyk ylmynyň ösen usullary boýunça bejergi-barlag işleri amal edilýär. Ilatyň saglygyny goramak hem-de dürli keselleriň öňüni almak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň kepili bolan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar bolmagyny gazanmak üçin degişli çäreler yzygiderli geçirilýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde saglygy goraýyş ulgamy öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň esasynda kämil derejelere ýetdi. Ýurdumyzda keselleriň öňüni almakda we bejermekde, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginde üstünlikli sepgitlere ýetildi, maşgala lukmançylygy ýörelgesi, sanly medisina, derman senagaty pudagy ösdi.

Häzirki wagtda Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, sebitlerde bolsa täze ugurdaş desgalar güýçli depginde gurulýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryny we ilatymyzy döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda öndürilýän derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Birnäçe aý mundan ozal bolsa, paýtagtymyz Aşgabatda birbada 3 sany iri saglygy goraýyş merkeziniň –  Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara  pediatriýa merkeziniň, şeýle hem Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy.

Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň derman senagatynyň okgunly ösmegine itergi berdi. Häzirki wagtda derman senagaty derman serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň melhemlik ösümliklerinden taýýarlanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşini öz içine alýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen halkymyzyň baş baýlygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş syýasatynyň geljekde-de üstünliklere beslenjekdigine ynamly aýdyp bolar.

Enejan Hudaýgulyýewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri