PEÝDALY MASLAHAT

Sagdyn deriniň syrlary

Ýaşymyz ulaldygyça derimiz hem bütin bedenimiz ýaly garraýar. Deriniň garramagy bizi biynjalyk edip biler, sebäbi daşardan aňsatlyk bilen görünýär. Sagdyn deri üçin näme etmeli …

Deriňiziň saglygy üçin aýda bir gezek barlanyň

30-40 ýaşlaryndaky aýallarda ýüze çykýan gyrmalar, biynjalyk edýän bolsa-da, häzirki wagtda bejerilip bilner. Esasanam sagdyn we janly deriniň gymmaty garrylyk döwründe has gowy düşünilýändigi sebäpli, “günüň zyýanly şöhlelerinden gaça durmak”, “solariumdan uzak durmak”, “çilim çekmezlik” ýaly teklipler has möhüm bolýar. Ýaşyň ulalmagy bilen deriniň sarkmagy ýüze çykýar, subkutan goldaw dokumasy gowşap başlaýar we şol islenmeýän gyrmalar we tegmiller peýda bolup başlaýar. Ýaşymyz ulaldygyça deri guraýar we saçlar esasanam depeden düşmäge başlaýar. Deriniň düwnük keseline meýli ýokarlanýar. Deriniň düwnük keselini ir anyklamak üçin aýda bir gezek özümizi barlagdan geçirmelidiris.

Meňlerden seresap boluň!

Aýratynam bedenimiziň haýsydyr bir böleginde ýüze çykýan meňlere garşy seresap bolmalydyrys, ozal ünsümizi çekmedik ýa-da bar bolan meňleriň üýtgemegini görenimizde dermatolog lukmanyna ýüz tutmalydyrys. Mundan başga-da, saçymyzyň we dyrnaklarymyzyň saglygy üçin her iki ýylda bir gezek gan barlaglary geçirilmeli.

Günde7-8 sagat ukyňyzy almaly

Iýmitlenmekden başlap uky, çilim çekmekden güne çenli köp faktorlar derimize täsir edýär. Sagdyn we janly deriniň bolmagy kyn däl. Derimiz gijelerine täzelenýärkä, günde 7-8 sagat uklamaly, esasanam gijeki ukylara üns bermeli. Sagdyn we deňagramly iýmitlenmek we köp mukdarda suw sarp etmek deriniň saglygy üçin diýseň möhümdir. Demirlere baý gök önümlerden ýasalan işdäaçarlary, biotine baý bugdaý çöregi we karam, demir we biotine baý 3-4 hoz-badam we gaýnadylan ýumurtga iýmitlerimiziň arasynda bolmaly. Pyýada ýöremek we yzygiderli maşk etmek, sellýulitiň we warikoz damarlarynyň döremeginden goraýar (aýak damarlarynyň ulalmagy) we bedeniň derisini berkitýär.

Nemlendiriji ulanmaly

Sagdyn deri üçin her gün suwa düşmek, duşdan soň deriniň gurluşyna laýyk nemlendiriji ulanmak we aýda bir gezek skrab çalmak maslahat berilýär. Gün deriniň garramagyna sebäp bolýan esasy faktorlardan biridir. Şol sebäpli tomusda öýden çykmazdan ýarym sagat öň ýüzüňize azyndan 30 faktor bilen gün şöhlesinden goraýjy kremleri ulanmaly.

Ärdogan: Ýakyn wagtdaTürkiýede gadyrly myhman hökmünde kabul etmäge şatdyryn

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji

Türkmenistanda 26-njy ýanwar -1-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty