JEMGYÝET

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Oraza hem-de Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

Gyrgyz Baştutanynyň gutlag hatlarynda şeýle diýilýär:

Öz adymdan hem-de Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik ahlak taglymlaryny alamatlandyrýan bu mübärek bahar baýramy ruhy tämizlige, döredijilige, sazlaşyga ýardam berýär, kalplarymyzy şatlyk, bagtyýarlyk we röwşen geljege umyt bilen doldurýar. Nowruz baýramynyň köpasyrlyk däplerini dowam etdirýän ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny musulman ymmatynyň beýik baýramy bolan Oraza baýramy bilen gutlaýaryn. Oraza dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes baýram bolup, ruhy päkligi, hoşniýetliligi, rehimdarlygy, agzybirligi alamatlandyrýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada