BIZNES

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň üsti bilen amala aşyrylýan söwda dolanşygynyň möçberleri yzygiderli artýar.

Bu söwda merkezinde şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 60 müňe golaý goňşy Özbegistan Respublikasynyň raýatlary tarapyndan amala aşyrylan söwdanyň netijesinde 1 700 tonnadan gowrak harytlar ýurdumyzdan eksport edildi.

Şeýle hem, bu döwürde söwda merkeziniň özbek tarapyndan ýurdumyza 250 tonnadan gowrak harytlar import edildi.

Söwda merkezinde ýurdumyzda öndürilen alkogolsyz içgilere, konditer önümlerine, ter pomidora, bulardan başga-da ýuwujy serişdelere, dokma önümlere hem-de halkyň sarp edýän beýleki harytlaryna has köp isleg bildirilýär. Şeýle hem, söwda merkeziniň özbek tarapyndan ýurdumyza esasan Özbegistanda öndürilen hojalyk harytlar, gury ir-iýmişler we dokma önümleri getirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi 2025-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizildi. Bu söwda merkeziniň üsti bilen amala aşyrylýan söwda dolanşygy ähli gümrük paçlardan we beýleki töleglerden boşadylan.

Ýene-de okaň

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy