SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“S7” awiakompaniýasy: Türkmenistana ilkinji adaty gatnawy amala aşyrdy

Russiýa Federasiýasynyň “S7” awiakompaniýasy Tükrmenistana  ilkinji adaty uçar gatnawlaryna başlady. Öň Size habar berişimiz ýaly,  şu ýylyň 17-nji oktýabryndan “S7” awiakompaniýasy  Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça adaty tertipde gatnawlary amala aşyryp başlady. Şol gatnawlaryň ilkinjisi şugün amala aşyryldy.

Awiagatnawlar hepdede bir gezek duşenbe günleri amala aşyrylar. Uçaryň Moskwa şäherinden uçýan wagty 03:30-da, Türkmenbaşy şäherinden uçýan wagty 10:05-dedir.

Awiaptekleriň satuwy bu awiakompaniýanyň Aşgabat şäherindäki edara binasynda satylýar. Salgysy A.Niýazow köçesi 174. (Senagatçylar we telekeçiler binasy: Tel +993 12 21-05-93/92)

Biletiň bahasy: Türkmenbaşy-Moskwa  409 ABŞ-nyň dollary

Moskwa-Türkmenbaşy  490 ABŞ-nyň dollary

Awiagatnawlar üçin ýolagçylary we goşlary hasaba almak uçuş wagtyndan 6 sagat öň başlap, uçuşa 2 sagat galanda ýapylýar.

Häzirki  döwürde “Türkmenistan” awiakompaniýasy, Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt we Stambul ugryna adaty uçar gatnawlaryna dowam edýär. Dubaý ugruna hepde-de 2 gezek, häpdäniň duşenbe we anna günleri, Kazan ugruna  hepdäniň  Çarşamba we ýegşenbe günleri , Moskwa ugruna bolsa sişenbe we Perşembe günleri adaty uçar gatnawlary dowam edýär. Frankurt ugruna bolsa, hepde de 2 gezek, Çarşamba we şenbe günleri adaty uçar gatnawlarry dowam edýär.

Stambul ugruna bolsa, hepde de 4 gezek, duşenbe, Çarşamba, anna we ýegşenbe günleri adaty uçar gatnawlary dowam edýär.

Ýokarda  agzap geçen ugurlarymyz, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň amala aşyrýan adaty uçar gatnawlarydygyny ýene bir gezek belläp geçýaris. Şeýlelikde, Türkmenistan awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt we Stambul ugurlaryna hepdede jemi 12 sany adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.  Şeýle hem “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Türkmenistan-Belarus ugruna ilkinji adty uçar gatnawy 15-nji Oktýabrda amala aşyryldy.

Şeýle hem Belarus Respublikasynyň “Belawia” awiakompaniýasy öz gezeginde Türkmenistan ugry boýunça uçar gatnawlaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.“Belawia” awiakompaniýasynyň web saýtyndaky maglumata görä, ilkinji adaty uçuş 25-nji oktýabrda amala aşyrylar. Noýabr aýynyň birinden başlap her iki hepdede 1 gezek, hepdäniň sişenbe güni amala aşyrylar. Uçar Minskden sagat 22:40-da uçar we Türkmenbaşy şäherine 4:45-de gonar, Türkmenbaşydan Minske bolsa, 5:45-de uçar we 8:05-de gonar. Biletiň bahasy bir tarapa iň az 299 Euro-dan başlaýan bahadan bolar. Iki taraplaýyn baha bolsa 599 Eurodan başlar.(Smart tariff brand )

Bellemeli zat, ýakynda Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasynyň hem adaty uçar gatnawlara başlamagyna garaşylýar.  “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy öň habar berişimiz ýaly hepdede 3 gezek,duşenbe, anna we şenbe günlerinde,  ýörite uçar gatnawlaryny dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly,  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary tamamlanyp,   epleşikleriň netijesi boýunça metbugat ýygnagynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň hökümetleriniň ýurtlaryň arasyndaky pandemiýa sebäpli çäklendirilen yzygiderli awiagatnawlary mümkin boldugyça gysga wagtda gaýtadan dikeltmek mümkinçiligine garamak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Ýadyňyzda bolsa,  Ýaponiýada iş saparynda bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşdy. Şonda, Türkmenistanyň  Ýaponiýa bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi we  Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleriniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy