SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“S7 Airlines”:Moskwa bilen Aşgabat arasyndaky gatnawlaryň sany artdyrylar

Russiýanyň “S7 Airlines” awiakompaniýasy 16-njy dekabrdan Aşgabat – Moskwa ugry boýunça uçuşlaryň sanyny hepdede ýediden dokuz uçuşa çenli artdyrar. Goşmaça uçuşlar 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli ýerine ýetiriler diýip, Russiýanyň ýolagçy daşaýjy kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi awiabilet satyjysy “DN Turs” habar berdi.

«Awiakompaniýanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maglumatyna görä, 16-njy dekabr 2025-nji ýyldan başlap 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça hepdede iki sany goşmaça uçuş girizildi. Gündelik uçuşlardan başga bu iki goşmaça uçuş sişenbe we dynç güni – penşenbe günleri ýerine ýetiriler» diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

S7 Airlines 2008-nji ýyldan bäri Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip gelýär. Häzirki wagtda bu ugur boýunça hepdede ýedi uçuş amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär