SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“S7 Airlines” 2026-njy ýylyň mart aýyndan başlap Nowosibirsk – Aşgabat uçar gatnawlaryny açýar

“S7 Airlines” awiakompaniýasy Nowosibirsk – Aşgabat boýunça täze ugur üçin biletleriň satuwyna başlady. Uçarlar 2026-njy ýylyň 31-nji martyndan başlap her hepde sişenbe günleri amala aşyrylar.

Nowosibirskdäki Tolmaçýowo howa menzilinden (OVB) göni uçar sagat 00:55-de ugraýar we ýerli wagt bilen sagat 03:00-da Aşgabada gelýär. Uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minut. Gatnawlar Airbus A320 kysymly howa gämileri bilen ýerine ýetirilýär.

Ýolagçylara ýük daşamak, biletleri çalyşmak we yzyna gaýtarmak şertleri boýunça tapawutlanýan «Standart» we «Plus» nyrhnamalary hödürlenýär.

Aşgabatdan Nowosibirskä gaýdyp barýan uçarlar hem sişenbe günleri ýerine ýetirilýär. Uçuş sagat 04:30-a meýilleşdirilen, gelýän wagty bolsa 10:15. Ýolda bolýan wagt — 3 sagat 45 minut.

Dürli nyrhnamalaryň çäginde ýolagçylar goşmaça hyzmatlary saýlap bilerler: ýük daşamak, belli bir orun bronlamak we hyzmat ediş derejesini ýokarlandyrmak.

S7 Airlines awiakompaniýasy eýýäm Moskwa – Aşgabat ugry boýunça uçuşlary amala aşyrýar. Biletleriň häzirki bahalaryny we uçuşlar barada jikme-jik maglumatlary S7 Airlines awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndan alyp bolýar.

Ýene-de okaň

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri