JEMGYÝET

S.Berdimuhamedow Daşkentde saparda bolar

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda GDA-nyň Sankt-Peterburgdaky resmi däl duşuşygynda gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, özbek tarapynyň çakylygy boýunça ýakyn wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Daşkentde saparda bolup, ykdysadyýet ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi babatda duşuşyklar we gepleşikler geçirjekdigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, golaýda ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda boldy we birnäçe möhüm gepleşikler geçirdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy