BILIM

Russiýanyň uniwersitetleri haçan açylýar?

Russiýa Federasiýasynyň çäklerindäki ähli ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýylynyň 1-nji sentýabrda başlanjakdygy mälim edildi. Russiýa gelip bilmedik daşary ýurtly talyplaryň uzak aralykdan okamagyna şert döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow bu barada beýanat berdi. Falkow öz çykyşynda: “Ýokary okuw mekdepleriniň 100 göterimine golaýynyň ähli sanitar çäreleri göz öňünde tutulyp, ýüzbe-ýüz okuwa başlanar” diýip belledi.

Ministr uniwersitetleriň 96.4 göterimi 1-nji sentýabrda, galan bölegi 2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda täze okuw ýylyna başlajakdygyny mälim etdi.

Russiýa Federasiýasyna gelip bilmedik daşary ýurtly talyplar üçin uzak aralykdan okuwa başlanmagyna şertleriň döredilmegi meýilleşdirilýär. Ministr Falkow uniwersitetleriň Russiýada ýokary bilim almak isleýän her bir talybyň dosty bolmalydygyny belledi.

Russiýanyň ministri sanjym meselesine degip geçdi. Waleriý Falkow talyplara mejbury sanjym etdirmegiň talabalaýyk däldigini belledi. Ýöne ministr talyplaryň arasynda sanjymyň ähmiýeti barada düşündiriş çärelerini geçirmegiň talabalaýyk boljakdygyny belledi.

 

Transfer täzelikleri: Abraham “Roma” geçdi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda 26 medal gazandy

“British International University Turkmenistan” taslamasyny döretmek teklip edilýär

Türkmenistanda “Lu Ban ussahanasyny” dörediler

Türkmenistanda “Nazary mehanika” dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirilýär

Türkmenistan Beýik Britaniýanyň Kowentri uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

«Talyp gözeli-2025» gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri