SPORT

Russiýanyň kubogyny SSKA, Türkiýäniňki bolsa, “Fenerbahçe” gazandy

Düýn Russiýanyň hem-de Türkiýäniň milli çempionatlarynda kubok ýaryşlarynyň finaly geçirildi. Russiýanyň milli çempionatynyň kubok ýaryşynyň finalynda SSKA topary bilen “Krasnodar” toparlary duşuşdy.

Duşuşygyň 32-nji minutynda Fedor Çalowyň 11 metrlik jerime urgusy bilen SSKA toparyny öňe geçirdi. 50-nji minutda Jon Kordoba hasaby deňledi. Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlady.

11 metrlik jerime ugrularyndan SSKA topary garşydaşyny 6:5 hasabynda ýeňdi. SSKA toparynyň derwezeçisi Igor Akinfeýew 2 pökgüni saklamagy başardy.

Türkiýäniň 61-nji gezke geçirilen kubok ýaryşynyň finalynda “Fenerbahçe” bilen “Medipol Başakşehir” toparlary duşuşdy. Duşuşykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Fenerbahçe” topary kubogy gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy