DÜNÝÄ

Russiýanyň ilçisi:Türkmenistan boýunça syýahat etmegi halaýaryn

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin 10-njy fewralda bellenýän Russiýanyň Diplomatik işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda «Altyn asyr» elektron gazetine beren interwýusynda diplomatik işgärleriniň gününiň ähmiýeti hem-de Türkmenistan baradaky garaýyşlaryny beýan etdi.
– Has çynlakaý aýtsak, biziň daşary syýasat edaramyz yzygiderli kämilleşýär, işgärlerimiz bolsa täze hünär başarnyklaryny yzygiderli özleşdirýärler. Umuman, biz döwürden yza galmaýarys. Eýýäm ep-esli wagtdan bäri sanly diplomatiýanyň gurallary gündelik işimize ornaşdyryldy we olar halkara meselelerde Russiýanyň çemeleşmelerini ilerletmek üçin işjeň ulanylýar.
Ministrligiň gurluşy hem häzirki zaman ýagdaýlaryna görä üýtgedilýär: 2019-njy ýylda Halkara maglumat howpsuzlygy bölümi döredildi, 2022-nji ýylda Köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlyk we medeni aragatnaşyklary bölümi peýda boldy, 2025-nji ýylda bolsa Afrika bilen hyzmatdaşlyk boýunça aýratyn bölüm işläp başlady. Hereket edýän bölümler hem häzirki şertlere uýgunlaşdyrylýar. Şunlukda, Ähliýewropa hyzmatdaşlygy bölümi Ýewropa meseleleri bölümi diýlip atlandyryldy, Demirgazyk Amerika bölümi bolsa Demirgazyk Atlantika bölümine öwrüldi – diýip ilçi belledi.
Şeýle hem ol eýýäm 2,5 ýyldan gowrak wagt bäri Aşgabatda işleýändigini, myhmansöýer türkmen topragynda Russiýanyň bähbitlerine wekilçilik etmek özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
– Türkmenistanyň baý medeni mirasy we özboluşly däp-dessurlary bar. Men ýurduňyz boýunça syýahat etmegi halaýaryn. Ýakynda ilkinji gezek Mary welaýatynyň, öz wagtynda Guşgy adyny göteren Serhetabat şäherinde boldum.
Iň esasy zat bolsa, men bu ýerde ajaýyp adamlar bilen tanyşdym, doganlyk türkmen halkynyň mähirliligini we akýürekliligini duýdum. Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri bilen aramyzda ýola goýlan hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary biz aýalym bilen aýratyn gadyrlaýarys.
Pursatdan peýdalanyp, ýurduňyzda işlemek we gündelik durmuş üçin döredilen ajaýyp şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn – diýip, ilçi söhbetdeşliginde belläp geçdi.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wise-prezidentiniň Azerbaýjana saparynyň senesi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistana ýanwar aýynda 30 wekiliýet sapar bilen geldi

Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň Milli baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Gazagystan-Türkmenistan-Owganystan-Pakistan geçelgesi ösdüriler

Ata Watan Eserleri

Wens 9-njy fewralda Ermenistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Stambulda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi

Ata Watan Eserleri