SPORT

Russiýanyň dünýä çempiony boldy

Russiýanyň milli ýygyndysy kenar futboly boýunça dünýä çempiony boldy. Bu kenar futboly (plýaž futboly) boýunça dünýä çempionatynyň özi hem Russiýada geçirildi. Munuň üçin Moskwa şäherindäki “Lužniki” festiwal meýdançasynda emeli meýdança döredildi.

Final duşuşygynda Russiýanyň ýygyndysy bilen Ýaponiýanyň ýygyndysy duşuşdy. Duşuşyk 5:2 hasabynda Russiýanyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.

Çempionatda üçünji orny Şweýsariýanyň ýygyndysy eýeledi. Olar 3-nji ýer üçin oýnalan duşuşykda Senagalyň ýygyndysyny 9:7 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, Russiýanyň ýygyndysy kenar futbol boýunça dünýä çempionatynda 3-nji gezek çempion bolupdy. Mundan ozal, rus ýygyndysy 2011-nji ýylda Braziliýanyň ýygyndysyny, 2013-nji ýylda Ispaniýanyň ýygyndysyny ýeňipdi. 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Russiýa bürünç medalyň eýesi bolupdy.

ÇEMPIONAT BARADA…

Kenar futboly boýunça dünýä çempionaty 2 ýylda bir gezek geçirilýär. Ilkinji gezek Russiýa şeýle ýaryşy özünde kabul edýär. 1995-2009-njy ýyllar aralygynda bu çempionat her ýyl geçirildi.

2005-nji ýyldan başlap, bu çempionat Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) howandarlygynda geçirilýär. Bu çempionatda iň köp ýeňiş gazanan Braziliýanyň ýygyndysydyr (14 gezek).

 

30-njy awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri