BIZNES

Russiýanyň demir ýol kompaniýasy Türkmenistanda wekilhana açmagy meýilleşdirýär

“Rossiýskiýe železnyýe dorogi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda wekilhana açmagy meýilleşdirýär. Mälim bolşy ýaly, şü günler Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorow Aşgabatda saparda bolup gepleşikler geçirýär.

Rus kompaniýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Russiýanyň demir ýol kompaniýasy Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy göz öňünde tutýar.

– Russiýanyň we Türkmenistanyň demirýol ulaglary düzümleriniň arasyndaky 2023-2025-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasynyň çäreleri öz möhletinde amala aşyrylýar. Şonda Rus kompaniýasynyň Aşgabatda, “Türkmendemirýollary” agentliginiň bolsa Moskwada wekilhanasyny açmagy göz öňünde tutulýar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Şeýle hem, “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça ulag we logistika hyzmatlaryny ýokarlandyrmak, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek we sanly ulgamy ornaşdyrmak we adam resurslaryny ösdürmekde “Türkmendemirýollary” agentligi bilen bilelikde işlemek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi