2026-njy ýylyň 13-nji martynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesinde diplomatik missiýasyny tamamlan Esen Aýdogdyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Galuziniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Moskwa şäherindäki diplomatik missiýasynyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary tarapyndan yzygiderli berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.
M.Galuzin öz gezeginde Esen Aýdogdyýewe türkmen-rus gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny ösdürmekde bitiren netijeli işleri üçin sagbolsun aýtdy we täze wezipesinde uly üstünlikler diledi.
Mälim bolşy ýaly, Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Ameirkanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.
