Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlara we duşuşyklara kesgitleýji ornuň degişlidigi nygtaldy.
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda halkara giňişliginde alyp barýan işine ýokary baha berdi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara giňişliginde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, özara gatnaşyklarynyň işjeň derejesi bellenildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň beýleki formatlarynyň hatarynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy aýratyn bellenilip, onuň çäklerinde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýändigi aýdyldy.
Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
***
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň gatnaşmagynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşi bellenildi.
Şeýle-de, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki netijeli özara gatnaşyklara üns çekildi. Şeýle hem «Merkezi Aziýa-Russiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.
Diplomatlar 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda baglaşylan Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda dialogy has-da güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Taraplar sebit howpsuzlygy we durnuklulygy meselelerine hem garadylar.
