JEMGYÝET

Russiýanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň uçary Aşgabadyň halkara howa menziline gondy diýip, TASS habarlar agentliginiň habarçysy habar berdi.

Saparyň dowamynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebitleýin gün tertibiniň we häzirki halkara meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Saparyň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrleri 2025–2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekerler.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow soňky gezek 2022-nji ýylyň iýun aýynda Hazar döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary