SPORT

Russiýanyň çempiony – “Krasnodar”

Russiýanyň milli futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümi tamamlandy. Çempionatyň 30-njy tapgyrynda öz meýdançasynda “Dinamo” toparyny 3:0 hasabynda ýeňen “Krasnodar” topary taryhynda ilkinji gezek Russiýanyň çempiony boldy. Şeýle hem bu topar bassyr 6 ýyldan bäri çempion bolup gelýän “Zenit” toparynyň bu gezek çempion bolmagynyň öňüni aldy.

“Krasnodar” çempiony 67 utuk bilen tamamlan bolsa, Sankt-Peterbugryň “Zenit” topary 66 utukda galdy.

2008-nji ýylda döredilen “Krasnodar” topary Russiýanyň çempionatynda çempion bolan 7-nji topar boldy. Bu topar 2011/12-nji ýylyň möwsüminden bäri ýokary ligada çykyş edýär.

Geçen ýyl hem çempionlyk üçin soňuna çenli bäsleşen “Krasnodar” topary 2-nji orny eýeläp. Mundan başga-da, “Krasnodar” topary 2014/15-nji, 2018/19-njy we 2019/20-nji ýyllarda 3-nji orunlary eýeläpdi.

Russiýanyň çempionatynyň iň köp gol geçiren futbolçysy 17 gol bilen “Spartak” toparynyň hüjümçisi Manfrd Ugalde boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”