DÜNÝÄ

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda gurban bolanlar ýatlandy

Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti hol» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda hatyra kitaby açyldy.

Ilçihananyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna baryp, gül goýdy we hatyra kitabyna çuňňur gynanjyny bildirip, duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Russiýanyň watandaşlary, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary Russiýada bolup geçen aýylganç wakada gurban bolanlary ýatlamak üçin ilçihana bardylar.

Ilçihana binasyna gül getirýänleriň yzy üzülmeýär, şeýle hem ilçihananyň elektron poçta salgysyna gynanç hatlary gelip gowuşýar.

Aşgabatdaky rus ybadathanasynda hem «Krokus siti hol» konsert zalyndaky wakada gurban bolanlar ýatlanylyp, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklary üçin dileg edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary