DÜNÝÄ

Russiýadan Eýran gaz geçirijisi gurlar

Russiýadan Eýrana gaz geçirijisini gurmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ilkinji tapgyrda 2 milliard kubmetre çenli tebigy gaz ibermek göz öňünde tutulýar, geljekde ony 55 milliard kubmetre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Waldimir Putin Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçiren gepleşiklerinden soňra metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

  • Eýrana tebigy gaz geçirijisini gurmak, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini döretmek işi alnyp barylýar. Bu örän möhüm taslamalar. Eger tebigy gazyň iberilýän möçberi barada aýdylanda, ilkinji tapgyrda az möçberde 2 milliard kubmetr, umuman ýylda 55 milliard kubmetr möçbere çykmak mümkinçiligi bolup biler – diýip, Putin belledi.

Rus lideri Eýran bilen nebit pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça hem gepleşikler geçirilýändigini belledi.

2024-nji ýylda Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasy rus gazyny Eýrana ibermek guramaçylygy boýunça strategik ähtnama gol çekipdi.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian täze ýylyň ilkinji daşary ýurt saparlaryny amala aşyrdy. Pezeşkian ilki bilen Täjigistanda we soňra Russiýada saparda boldy.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň Russiýa saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdalyk şertnamasyna gol çekildi.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi