SPORT

Russiýada daşary ýurtly tälimçi köpelýär

Russiýanyň milli çempionatynyň düzüminde çykyş edýän toparlaryň tälimçileriniň hatary daşary ýurtly tälimçiler bilen artdyrylýar. 9 ýyldan mundan ozal hem rus toparlarynyň köpüsiniň tälimçileri daşary ýurt hünärmenleri bolupdy.

Düýn, “Krasnodar” topary germaniýaly tälimçi Daniel Farke bilen ylalaşdy. 45 ýaşly nemes tälimçi bilen 2024-nji ýylyň ortasyna çenli şertnama baglaşyldy.

Şeýlelikde, Russiýanyň milli çempionatynyň düzümindäki 16 toparyň 5-siniň tälimçisi daşary ýurt döwletiniň wekili boldy.

Häzirki wagtda “Spartak”, “Krasnodar”, “Dinamo”, “Lokomotiw” ýaly toparlaryň tälimçisi daşary ýurduň raýatlarydyr.

Şeýle ýagdaý 9 ýyl mundan ozal bolupdy. Şonda 7 tälimçi daşary ýurtly bolup, olar – Luçano Spaletti («Zenit»), Dan Petresku («Kuban»), Gus Hiddink («Anži»), Unai Emeri («Spartak»), Slawen Biliç («Lokomotiw»), Slawolýub Muslin («Krasnodar»), Miodrag Božowiç («Rostow») we Dorinel Muntýanu («Mordowiýa»).

Russiýa daşary ýurtdan köpräk Italiýadan, Germaniýadan hem-de Portugaliýadan tälimçiler gelýär.

 

Ýakyn wagtda TOPH boýunça ylalaşyklara gol çekiler

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi