TEHNOLOGIÝA

Russiýa özüniň “Messenger” ulgamyny döredýär

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin rus “Messenger” ulgamyny goldamak üçin Russiýanyň hökümetine degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem Putin bu ulgamy döwlet we bank hyzmaty bilen birleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

– Milli onlaýn hat-habar alyş çalşygy “Messenger” programmasyny we mobil goşundysyny goldamak işini guramak teklip edildi – diýlip, Kremliň resmi saýtynda çap edilen beýanatda bellenilýär.

Prezident Putin bu ulgamy döretmek bilen karz beriji guramalaryň hyzmatlary hem-de bu ugurdaky döwlet hyzmatlaryna elýeterliligi üpjünt etmegiň möhümdigini belledi.

Russiýanyň Prezidenti bu ugurda 2025-nji ýylyň 15-nji awgustyna çenli degişli teklipleriň taýýarlanmagyny tabşyrdy.

Köp funksiýaly sanly platformany döretmek hakyndaky kanun taslamasy ýurduň döwlet Dumasy tarapyndan 10-njy iýunda kabul edildi.

Şeýle hem snaly platforma üçin “Max” messenjer ulgamy dalaşgär görkezildi. Bu ulgam “VK” tarapyndan döredildi.  Russiýanyň “Max” messenjer ulgamy “WeChat” ulgamyna alternatiwa hökmünde kabul edilýär. Onda hat alyşmak, jaňlaşmak, kiçi goşundylar ýaly funksiýalar hereket edýär.

Ýene-de okaň

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar

ABŞ-ly kompaniýa Aýda myhmanhanalar gurmagy meýilleşdirýär

“Teltronic” Türkmenistanyň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görýär

Pekin emeli aňyň paýtagtyna öwrüler