SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa Federasiýasyna wiza resmileşdirmek üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Russiýa Federasiýasyna wiza resmileşdirmek üçin resminamalaryň kabul edilmegi bilen baglanyşykly habarnama ýaýradyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol habarnamada Türkmenistanyň raýatlaryna Russiýa Federasiýasyna ähli kategoriýalar boýunça wiza resmileşdirmek işiniň gaýtdan dikeldilendigi bellenilýär.

Ilçihananyň Konsullyk gullugy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 16.03.2022 senesindäki 513 belgili we 17.03.2022 seneli 522 belgili kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem Türkmenistanda wagtlaýyn ýaşamak hukugy bolan üçünji ýurduň raýatlaryna Russiýa Federasiýasy üçin wizanyň ähli görnüşleri babatda resmileşdirmek işleriniň gaýtadan ýola golandygyny habar berýär.

Şu ýylyň 28-nji martyndan başla, “Russiýa Federasiýasyna wiza almak üçin resminamalary kabul etmek”  we “garaşmak sanawy” hyzmaty üçin q.midpass.ru web sahypasynda ýazylyp bilerler.

Şol bir wagtyň özünde, her bir adam üçin “garaşmak sanawynda” diňe bir ýazgy elýeterli bolar, dublikat ýüz tutmalar programma ulgamy tarapyndan awtomatiki usulda aýrylýar.

Russiýa Federasiýasyna wiza alnan halatynda hem Türkmenistandan gitmek üçin degişli edaralardan rugsat alynmalydygy hem ýatladylýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar