Kremlde Russiýa resmi sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Gepleşikler başlamazdan ozal, Uly Kremly köşgüniň Georgiýew zalynda Russiýa döwletiniň Baştutany tarapyndan BAE Prezidentini resmi garşylamak we russiýaly hem-de emirlik wekillerini tanyşdyrmak dabarasy boldy. Dabara şeýle hem resmi surata düşmegi we iki ýurduň döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegini öz içine aldy.
– Şu ýyl ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 55 ýyl dolýar. Emirlikler – biziň arap dünýäsindäki möhüm söwda hyzmatdaşymyzdyr. Iki taraplaýyn haryt dolanyşygy ynamly ösýär. Hökümetara topary hereket edýär, onuň mejlisi bir aý mundan ozal Dubaýda geçirildi. Şol wagt Russiýa-Emirlik işewürlik forumy hem ilkinji gezek guraldy. Maýa goýum hyzmatdaşlygy gowy derejede. Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasy we “Mubadala” gaznasy 60-dan gowrak taslamany durmuşa geçirdi – diýip, Wladimir Putin belledi.
Russiýanyň Prezidentiniň bellemegine görä, ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerinde Russiýanyň Medeniýet günleri geçirildi. BAE barýan russiýaly syýahatçylaryň sany ýylsaýyn artýar: 2025-nji ýylyň dokuz aýynyň içinde bu görkeziji eýýäm bir ýarym million adama ýetdi – bu bolsa 18 göterim ösüş diýmekdir.
Bilim we ylym ulgamyndaky gatnaşyklar hem netijeli ösýär. Moskwanyň etegindäki Primakow adyndaky gimnaziýada Emirlikler bilen hyzmatdaşlyk merkezi hereket edýär. Birleşen Arap Emirliklerinde bu gimnaziýanyň, şeýle hem Plehanow adyndaky uniwersitetiň şahamçalary bar. Meýilnamalarda – Russiýa uniwersitetiniň, şeýle hem “Sirius” merkeziniň howandarlygynda ýaşlar ylmy parkynyň açylmagy göz öňünde tutulýar, diýip Rus Lideri belledi.
