SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa 3-nji koronawirus sanjymyny hasaba aldy

Russiýanyň M.P. Çumakow adyndaky merkezi tarapyndan işlenip düzülen we “Kowiwak” diýlip atlandyrylýan 3-nji rus sanjymy hasaba alyndy. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Mihail Mişustin habar berdi.

– Hoş habar bilen ýygnagymyza başlamak isleýäris. Çumakow adyndaky merkez tarapyndan işlenip düzülen “Kowiwak” atly 3-nji sanjymymyzy hasaba aldyk – diýip, rus hökümetiniň başlygy Mişustin sanjym boýunça geçirilen ýygnakda belläp geçdi.

Täze sanjymyň ilkinji 120 müň dozasy mart aýynyň ortalarynda raýat dolanyşygyna goýberiler.

18-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça köpçülikleýin sanjyma başlandy. Russiýanyň raýatlaryna, esasan hem, Gamaleýa merkezi tarapyndan işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymy edilýär. Bu sanjym Russiýa Federasiýasynda hasaba alnan ilkinji sanjymdyr.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynda Rospotrebnadzoryň “Wektor” merkeziniň “EpiVacCorona” sanjymy hasaba alyndy we raýat dolanyşygyna goýberildi.

Russiýanyň Çumakow adyndaky immunobiologiki serişdeleri öwrenýän we işläp düzýän merkezi ýylda 7-10 million doza möçberinde koronawirus sanjymyny öndürmegi meýilleşdirýär.

Mälim bolşy ýaly, Tükrmenistan döwletimiz Russiýa Federasiýays tarapyndan işlenip düzülen “Sputnik V” hem-de “EpiVacCorona” sanjymy bellige alypdy. Hususan-da, “Sputnik V” sanjymy Merkezi Aziýada bellige alan ilkinji ýurt bolan bolsa, “EpiVacCorona” sanjymy Russiýadan soňra bellige alan ikinji ýurt boldy.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri