DÜNÝÄ

Rus ýolagçy uçarlaryny Hindistanda öndürmek meýilleşdirilýär

“Wings India 2026” sergisinde Russiýanyň OAK-y bilen Hindistanyň HAL-y “SJ-100” gysga aralyga uçýan ýolagçy uçarlarynyň Hindistanda ygtyýarly önümçiligini ýola goýmak barada ylalaşdy.

RIA «Nowosti» agentliginiň habar bermegine görä, SJ-100 uçarlarynyň ygtyýarly önümçiligi boýunça bilelikdäki iş hakynda ylalaşyk Russiýanyň Birleşen awiasion gurluşyk korporasiýasy (OAK, «Rosteh» döwlet korporasiýasynyň düzümine girýär) bilen Hindistanyň “Hindustan Aeronautics Limited” (HAL) kompaniýasy tarapyndan gol çekildi.

Resminama “Wings India 2026″ sergisiniň çäklerinde gol çekildi.

SJ-100 — rus ulgamlaryny we böleklerini doly import çalyşmasy esasynda taýýarlanan, gysga aralyga uçýan ýolagçy uçarydyr. Bu model bazarda ulanylýan «Superjet» kysymly uçarlaryň maşgalasyny giňeldýär.

Doly importdan garaşsyz “SJ-100” uçary ilkinji gezek geçen ýylyň 23-nji aprelinderus şäherinde synag edildi.

HAL kompaniýasy öň hem “SJ-100” uçarlaryny öndürmek boýunça OAK bilen özara düşünişmek baradaky ähtnamany baglaşypdy.

Hindi wekilleri “SJ-100” uçarynyň Hindistanda öndüriljek doly enjamlaşdyrylan ilkinji ýolagçy uçary boljakdygyny bellediler.

Birleşen awiasion gurluşyk korporasiýasy ilkinji gezek daşary ýurtda — Haýdarabat şäherinde geçirilen “Wings India 2026” sergisinde doly import çalyşmasy esasynda öndürilen “SJ-100” we “Il-114-300” uçarlaryny görkezdi.

Russiýa bilen Hindistan «Superjet» we “Il-114” uçarlarynyň öndürilmegi boýunça geňeşmeleri başladylar hem-de rus we hindi korporasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada ähtnamany resmileşdirdiler.

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi