BIZNES

Rus kompaniýalary Türkmenistanda bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýär

Şu günler Türkmenistan döwletimizde Garaşsyzlyk gününiň dabaralary giň gerimde bellenýär. Şol döwürlerde ýurdumyza dünýäniň köp ýurdundan myhmanlar gelýär. Olaryň hatarynda Russiýanyň iri kompaniýalary hem bar.

Russiýanyň Çelýabinsk sebitiniň kompaniýalary Türkmenistan bilen bilelikde önümçilik etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Bu barada  TASS habarlar gullugy habar berýär.

“Neft-serwis” rus kompaniýasy nebitgaz pudagy üçin enjamlaryň önümçiligine uly ähmiýet berýän kompaniýadyr. Bu kompaniýa Türkmenistanda bilelikdäki önümçilik kärhanasynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Sergeý Şumakow TASS habarlar gullugyna beren beýanatynda: “Türkmenistana öz önümlerimizi ýerlemäge gyzyklanma bildirýäris. Biz Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany döretmäge gyzyklandyk. Her iki tarap üçin hem bähbitlidir. Täze iş orunlary dörär. Biziň tarapymyzdan söwdanyň bazar möçberi artar” – diýip belledi.

Bu kompaniýa 20 ýyldan bäri buraw enjamlaryny, guýulary abatlamak üçin enjamlary, telemetriýa we elektronika enjamlaryny öndürýär.

Şeýle hem Çelýabinsk sebitiniň Günortaural armatur-izolýator zawody hem Türkmenistan bilen önümçiligi ýola goýmaga gyzyklanma bildirýar. Bu kompaniýa geçen ýyl türkmen bazaryna 15 million dollarlyk önüm eksport edipdir. Üstümizdäki ýylda bolsa, 3 million dollarlyk eksport amala aşyrylypdyr.

 

Ýene-de okaň

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär