Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin TASS habarlar gullugyna özüniniň ilkinji interwýusyny berdi. Şonda ilçi türkmen-rus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlaryn barada durup geçdi. Ilçiniň bu söhbetdeşligi TASS habarlar gullugynyň internet sahypasynda öz ornuny aldy.
Rus ilçisi beren beýanatynda türkmen-rus syýasy gatnaşyklarynyň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň aýratyn, şahsy ünsi netijesinde häzirki wagtda birek-birege hormat goýmak we dostluga esaslanýan çuňňur strategiki hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini belledi.
ikitaraplaýyn ýokary derejeli saparlaryň yzygiderli gurnalýandygyny bellän ilçi söwda-ykdysady, energetika, senagat, ylym-bilim, medeni-ynsnaperwer ugurda gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp geçdi.
2023-nji ýylyň martynda çäklendirmeleriň aradan aýrylmagy bilen 19 müňden gowrak wizanyň berlendigini bellän ilçi Iwan Wolynkin Russiýa syýahatçylyk maksatly gitmäge isleg bildirýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sanynyň artýandygyny belledi.
Ilçi syýahatçylyk wizasyndan soňra talyp wizasyna hem islegiň ýokarydygyny belläp, türkmen ýaşlary rus ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hilli bilim almaga isleg bildirýändigini nazarda tutup, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda talyplara wiza hyzmatlary boýunça aýratyn çemeleşme göz öňünde tutuljakdygyny belledi.
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ýolagçy gatnawynyň göni gatnawlaryň hasabyna ýylda 100-120 müň adamdan ybaratdygyny belläp, üstaşyr gatnawlara hem islegleriň bardygyny bellän ilçi geljekde täze awiagatnawlaryň açylmagynyň meýilleşdirilýndigini mälim etdi.
Iki ýurduň maliýe edaralarynyň özara hasaplaşyklary milli pul birliklerinde amala aşyrmak babatda gepleşikleri geçirýändigini bellän rus ilçisi 2022-nji ýylda haryt dolanyşygynyň energiýa serişdeleri hasaba alynmazdan 800 million dollara deň bolandygyny aýtdy.
Türkmenistan bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini adan ilçi Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi hökümetara ylalaşygyna goşulmagynyň Ýewrpa ýurtlary, Russiýa, Gazagystan, Eýran, Hindistan we Pars aýlagy arasynda ýük gatnamalaryň mümkinçiligini artdyrmaga şert döretjekdigini belläp geçdi.
Ilçi Türkmenistanyň demirýol arkaly üstaşyr ýük geçirijilik mümkinçiligini artdyrýandygyny, deňiz logistikasyny ösdürýändigini, Hazar deňziniň kenary bilen täze awtomobil ýolunyň taslamasynyň üstünde iş alnyp barylýandygyny belledi.
