SPORT

Rus hokkeýiniň ýyldyzy Oweçkin NHL-da ikinji orna çykdy

Rus hokkeýiniň ýyldyzy Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynyň düzümindäki “Waşington” toparynda çykyş edýär. NHL hökmünde tanalýan bu liga Amerikada we Kanadada geçirilýär.

Ummanyň aňyrysndaky çempionatda çykyş edýän rus hokkeýçi Oweçkin liganyň iň köp tapawutlanan 2-nji türgeni boldy. Ol “Waşington” bilen “Winnipeg” toparynyň arasynda geçirilen duşuşykda 2 gezek tapawutlanyp, geçiren şaýbalarynyň sanyny 802-ä ýetirdi.

Şeýlelikde, ol iň köp tapawutlananlaryň sanawynda ikinji orunda durýan Gordi Houdan saýlandy. Hou şaýbalarynyň sany 801-e deňdir. Öňde diňe Ueýn Gretski galdy. Onuň şaýbalarynyň sany bolsa, 894-dir.

Rus hokkeýçi bu üstünligine 1310 duşuşykda ýetdi. Onuň Milli hokkeý ligasynda çykyş eden döwründe gazanan baly bolsa 1451-e deň boldy.

Milli hokkeý ligasynda çykyş edýän Oweçkini hokkeý janköýerleri uly sarpa goýýarlar. Oňa ummanyň aňyrsynda “Great 8” lakamyny berdiler.

Umuman, ABŞ-da we Kanadada sportuň hokkeý görnüşi iň ýörgünli sportuň biridir.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri