DÜNÝÄ

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A. Annaýew bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Anna Tinkanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Olar özara hormata we ynama esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini, şeýle hem syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Duşuşykda ykdysadyýet we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem parlamentara gatnaşyklara we konsullyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Taraplar bar bolan gepleşikler mehanizmlerini ulanmagyň möhümdigini nygtadylar we olary has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi