BILIMJEMGYÝET

Rumyniýadan türkmenistanly ýaşlara talyp haky mümkinçiligi

2023-2024-nji okwu ýylyndan Türkmenistan bilen Rumyniýa talyp hakynyň möçberini artdyrdy. Bu barada Rumyniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

Iki degişli ministrligiň arasyndaky täze hyzmatdaşlyk maksatnamasy bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edýär.
Şeýlelik bilen, 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap, ikitaraplaýyn esasda berlen stipendiýalaryň sany artdy:
a) 50 (elli) sany talyp haky ýokary okuw mekdebinde ýokary bilim almak üçin (bakalawr we magistratura derejesi);
b) 5 (bäş) sany talyp haky ýokary okuw mekdebinde ýokary bilimden soňky dereje – doktorantura bilimi üçin;

Hödürlenýän talyp haklarynyň möçberiniň artdyrylmagy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň degişli ministrliginiň arasynda gol çekilen täze hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, 26-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň bilim ministrliginiň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa, rumyn tarapyndan bolsa, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal gol çekipdiler.

MAHABAT

Daşary ýurtda bilim almak  üçin resminamalaryň terjimesinde “Makul Hyzmat” Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Telefon belgileri:

+993 63 78 96 73 / +993 12 96 48 55

e-poçta salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Web: www.makulhyzmat.com

Poçta salgysy: Aşgabat şäheri Ankara köçesi (Aýtakow-Ýubileýni) A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 401

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk