DÜNÝÄ

“Rönesans Holding” Türkmenistanda energetika we oba hojalygynda täze taslamalary amala aşyrar

Şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň guran  köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Açylyş dabarasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, işewür döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge “Rönesans Holdingiň” geljekde-de gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Şeýle hem bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda suw tygşytlaýyjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we suw süýjediji desgalary gurmak boýunça häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny işjeň peýdalanmak babatda öňde durlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde türkiýeli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Onuň barşynda ýurdumyzda täze elektrik beketlerini gurmak, bu ugurda bilelikde iş alyp barmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasy ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde Mary welaýatynda “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdy.

Türk işewüri Türkmenistanda degişli ugurlar bilen baglanyşykly taslamalaryň amala aşyrylmagyna taýýardygyny belledi.

 

Köpugurly işewür merkezli «Garagum» oteli açyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar