SPORT

Ronaldonyň täze toparynyň jemgyýetçilik toruna goşandy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, dünýä belli futbolçy Kristiano Ronaldo täze ýylyň ilkinji günlerinde Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary bilen şertnama baglaşyp, futbol durmuşyny Aziýa yklymynda dowam etdirmek kararyna geldi.

Ronaldonyň bu topara gelmegi bilen saud toparynyň janköýerleriniň we onuň bilen gyzyklanýanlaryň sany artdy. Topary sary reňkdäki sport köýnekçeleriniň satuwy artdy we şol bir wagtda “Instagram” jemgyýetçilik torundaky abunaçylarynyň sany ep-esli möçberde ýokarlandy.

37 ýaşyndaky Ronaldo transfer edilmezden ozal, toparyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky abunaçylarynyň sany 853 müňe barabardy. Ronaldonyň gelmegi bilen toparyň jemgyýetçilik torundaky abunaçylarynyň sany 10.9 milliona ýetdi.

Şeýlelikde, Ronaldonyň gelmegi bilen toparyň abunaçylarynyň sany 9 milliondan gowrak köpeldi.

Ronaldo häzirki wagtda toparyň türgenleşikleirne gatnaşýar, ýöne entek topar bilen futbol duşuşygyna çykmady.

Ronaldonyň özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky abunaçylarynyň sany 500 milliondan geçýär.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri