SPORT

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Saud Arabystanynyň «Al‑Nasr» toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo geçen möwsümde “Saud Pro” ligasynyň iň gowy hüjümçisine berilýän baýragy aldy. Bu barada bäsleşigiň metbugat gullugy sosial ulgamlarda habar berdi.

Ronaldo Saud Arabystanynyň futbol çempionatynyň “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy. Bu üstünlige portugal futbolçy çempionatda iň köp gol geçirmek başarnygy bilen gazandy.

2024/25-nji ýylyň möwsüminde portugaliýaly futbolçy Saud Arabystanynyň çempionatynda 30 oýunda 25 gol geçirdi. Onuň topary üçünji orny eýeledi.

40 ýaşly portugaliýaly futbolçy 2023-nji ýyldan bäri «Al‑Nasr» toparynda çykyş edýär. Ol Er-Riýadyň toparynyň düzüminde ähli duşuşyklarda 109 oýun oýnap, 95 gol geçirdi we 20 netijeli pas berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri