SPORT

Ronaldo resmi taýdan “Mançester Ýunaýted” toparyna geçdi

Portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo resmi taýdan Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyna geçdi. 12 ýyldan soňra ozalky toparyna dolanyp gelen Ronaldo 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu barada “Mançester Ýunaýted” toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ronaldo ýylyň futbolçysyna berilýän “Ballon D’or” baýragyny 5 gezek gazandy. Şeýle hem ol sport durmuşynda 30-dan gowrak uly kuboklaryň eýesidir.

Ronaldo 5 gezek Çempionlar ligasynyň, 4 gezek FIFA klub dünýä çempionatynyň kubogyny gazanyp, Angliýada, Ispaniýada we Italiýada 7 gezek liganyň çempiony bolup, Portugaliýa bilen Ýewropa çempiony boldy. Ol 3 dürli ýurduň futbol boýunça milli çempionatynda ýeňiji bolan ilkinji futbolçy boldy.

Ronaldo “Mançester Ýunaýted” toparyna geçendigi barada beren beýanatynda: “Bu topar hemişe ýüregimde aýratyn orun tutdy. Janköýerleriň öňünde “Old Trafford” stadionynda ýene oýnamaga sabyrsyzlanýaryn” – diýdi.

“Mançester Ýunaýted” topary Italiýanyň “Ýuwentus” toparyna 15 million ýewro tölär. Bu transfer tölegi hem 5 ýylda amala aşyrylar. Şeýle hem futbolçy bilen täze toparynyň gazanýan üstünlikleri esasynda 8 million ýewro goşmaça töleg ediler.

Ronaldo 2018-nji ýylyň iýulynda 117 million ýewro möçberinde Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyndan “Ýuwentus” toparyna geçipdi.

 

Agyz-burun örtüklerini dakynmak maslahat berilýär

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi