SPORT

Ronaldo özüne täze topar gözleýär

Dünýäniň iň güýçli futbolçylaryna näme bolandygyna düşünmek kyn. Lionel Messiden soňra Kristiano Ronaldonyň hem şu wagt çykyş edýän Italiýanyň “Ýuwentus” toparyndan gitmek isleýändigi mälim edilýär.

Metbugat neşirleriniň habaryna görä, Ronaldo öz daş-töweregindäkilere topardan gitmek isleýändigini aýdyp, 4-5 toparyň gyzyklanyp biljekdigini belläpdir.

Ronaldo we onuň wekilleriniň Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen gyzyklanma bildirýändigi bellenilýär. Ronaldo bu toparyň käbir futbolçylary bilen gürleşip, toparyň mümkinçilikleri hakynda maglumat aldy.

Ozal hem habar berlişine görä, Ronaldonyň resmi wekili Žorže Mendeş hem “Mançester Siti” toparyna özüniň wekilçilik edýän futbolçynyň hyzmatlary boýunça teklip edipdi.

Ronaldonyň Angliýanyň futbol çempionaty boýunça tejribesi bar. Ol 2003-2009-njy ýyllarda “Mançester Ýunaýted” toparynda oýnapdy.

 

“Real Madrid” Mbappe üçin resmi teklip etdi

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi