SPORT

Ronaldo futbol ýoluny “Marselde” dowam etdirer

Dünýä belli portugaliýaly futbolçy Kristiano Ronaldony Ýewropada satyn almak isleýän topar tapylmady. Bir döwürler ähli toparlaryň öz düzüminde oýnamagyny arzuw edýän futbolçy Fransiýada futbol ýoluna dowam etmegi mümkin.

Häzirki wagtda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynda çykyş edýän Ronaldo Fransiýanyň “Marsel” toparynda karýerasyny dowam etdirmägi meýilleşdirýär. Bu barada sport žurnalisti Nikkolo Çekkarini jemgyýetçilik torunda habar berdi.

Žurnalistiň çeşmesine görä, Ronaldonyň menejeri Žorže Mendeş fransuz toparynyň ýolbaşçy düzümi bilen portugal futbolçynyň transferi boýunça ylalaşdy. Ýöne olaryň duşuşygy boýunça resmi maglumat ýaýradylmady.

Ronaldo başga topara geçmek isleýändigini ençeme gezek beýan etdi. Onuň menejeri “Atletiko Madrid”, “Barselona”, “Bawariýa”, “Napoli” we “Çelsi” toparlary bilen gepleşikler geçirdi. Ýöne bu toparlaryň biri hem ony satyn almak boýunça ylalaşyga gelmedi.

Soňra bolsa, Žorže Mendeş Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyna öz futbolçysyny hödürledi. Olar hem satyn almaga isleg bildirmediler.

Mälim bolşy ýaly, Ronaldo “Mançester Ýunaýted” toparyna 2021-nji ýylyň awgustynda dolanyp gelipdi. Ol mundan ozal, 2003-2009-njy ýyllarda bu toparda çykyş edipdi.

“Transfermarkt.com” sport neşiriniň maglumatyna görä, Ronaldonyň bahasy 30 million ýewro deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy