BIZNES

Rianna ABŞ-nyň iň ýaş milliarderi boldy

34 ýaşyndaky aýdymçy milliarderleriň sanawynda 21-nji orunda durýar. Ýöne ol 40 ýaşa çenli ýaş milliarderleriň sanawynda iň ýaş baý zenan boldy. Gürrüň Rianna barada barýar.

Dünýä belli aýdymçy Rianna öz güýji bilen 1,4 milliard dollar gazandy. Ol aýdym-saz döredijiliginden başga-da, dürli zenan egin-eşikleri we kosmetika söwdasyndan gazanýar.

Rianna pul gazanmagy özüniň öňünde goýan maksady däl. Ol öz döredijiliginden we edýän işlerinden lezzet alýandygyny belleýär.

2012-nji ýylda Rianna “Clara Lionel Foundation” gaznasyny döretdi. Bu gazna bilim we howanyň üýtgemegine garşy işlenilip düzülýän täzeçil başlangyçlary goldamakdan we maliýeleşdirmekden ybarat.

“Forbes” žurnalynyň sanawynda iň ýaş milliarderleriň sanawynda 41-nji ýaşly Kim Kardaşýan hem bar. Onuň baýlygy 1,8 milliard dollara barabardyr.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Rianna ilkinji gezek ene boldy. Ol öz ilkinji ogluny dünýä inderdi.

 

Di Mariýa “Ýuwentus” toparyna geçýär

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy