PEÝDALY MASLAHAT

Resminamalary kanunlaşdyrmagyň (legalizasiýa) tertibi

Kanunlaşdyrmak – munuň özi döwletiň häkimiýetlerinden çykýan ýa-da şol häkimiýetleriň gatnaşmagynda düzülen resminamanyň şol döwletiň kanunçylygyna laýyk gelýändigini tassyklamakdyr. Ol resminama gol çeken wezipeli adamyň golunyň hem-de ygtyýarly döwlet edarasynyň möhüriniň hakykylygyny tassyklamakdan ybaratdyr.

Halkara tejribesine laýyklykda pasportlary we olaryň ornuny tutýan resminamalary kanunlaşdyrmak talap edilmeýär.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän ýa-da özüniň mazmuny boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine zyýan ýetirip biljek ýa-da raýatyň mertebesine şek ýetirýän resminamalar we namalar, şeýle hem pasportlaryň, zähmet depderçeleriniň, harby biletleriň, şahsyýetnamalaryň, eýeçilik baradaky namalaryň, täjirçilik ýa-da gümrük amallaryna (hasaplar, harytlaryň serhetden geçirilişi baradaky resminamalar, harytlary ibermek hakyndaky ylalaşyklar, gümrük deklarasiýalary we şuňa meňzeşler) gönüden-göni degişli resminamalaryň asyl nusgalary hem-de göçürmelri kanunlaşdyrmaga degişli däldir.

Daşary ýurtlarda ulanmak üçin resminamalary kanunlaşdyrmak

Daşary ýurtlarda ulanmak üçin resminamalary kanunlaşdyrmak şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:

1.Türkmenistanyň çägindäki kepillendiriş edarasy resminamanyň göçürmesini tassyklaýar;

2.Türkmenistanyň Adalat (ýustisiýa) ministrligi kepillendirijiniň golunyň we möhüriniň hakykylygyna şaýatlyk edýär;

3.Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümi Türkmenistanyň Adalat (ýustisiýa) ministrliginiň möhüriniň we wezipeli adamyň golunyň hakykylygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde kanunlaşdyrylandan soň resminamalar olaryň ulanyljak döwletiniň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda kanunlaşdyrylýar. Şunlukda daşary ýurtdaky Türkmenistanyň konsuly özünde bar bolan nusgalygyň esasynda Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminiň ygtyýarly işgäriniň golunyň we möhüriniň hakykylygyny tassyklaýar. Kada bolşy ýaly, resminamalar kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgalarda kanunlaşdyrylýar.

Daşary ýurtlarda ulanmak üçin niýetlenen bilim hakyndaky resminamalar muňa girmeýär, şol resminamalar Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde asyl nusgasynda kanunlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde resminamalary kanunlaşdyrmak üçin konsullyk ýygymy we iş ýüzünde edilen çykdajylaryň öwezini dolmagyň hasabyna ýygym alynýar.

Türkmenistanyň çäginde ulanmak üçin daşary ýurt resminamalaryny kanunlaşdyrmak

Türkmenistanyň çäginde ulanmak üçin niýetlenen daşary ýurt resminamalary olaryň gelip çykan döwletiniň Daşary işler ministrliginde ýa-da muňa ygtyýarly edilen beýleki resmi döwlet edarasynda kanunlaşdyrylandan soň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylman Türkmenistana getirilen daşary ýurtlaryň resminamalary deslapdan, resminamanyň düzülen daşary ýurt döwletiniň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt döwletiniň diplomatik wekilhanasynda, soňra bolsa Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde kanunlaşdyrylýar.

Türkmenistanda baglaşylan raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi hem-de hukuk gatnaşyklary hakyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyklar, şeýle hem 1993-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minsk şäherinde GDA agza döwletler tarapyndan gol çekilen raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakyndaky Konwensiýa degişli tertibi kesgitleýär. Oňa laýyklykda, ylalaşýan taraplaryň biriniň resmi häkimiýetleri tarapyndan berlen resminamalara resmi hökmünde garalýar we beýleki bir ylalaşýan tarapyň çäginde haýsydyr bir goşmaça kepillendirme talap edilmezden, ýagny kanunlaşdyrylmazdan, resmi resminamalaryň subut ediji güýjünden peýdalanýar.

Çeşme : www.mfa.gov.tm

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy şulary ýatladýar

Ata Watan Eserleri

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda 23-nji iýundan başlap dört awtobus ugrunyň gatnajak ýoly üýtgedilýär

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary