SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Rekord girdeji! 472 500 dollara durýan ak laçyn

Saud Arabystanynda laçynlary satmak boýunça täze dünýä rekordy goýuldy.

Patyşalygyň 14 döwletinden gelen laçyn seleksionerleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara satuwda ABŞ-dan getirilen ak laçyn rekord baha ― 472 500 dollara satyldy. Rekordçy laçyn bir ýaşdan kiçi, agramy 700 gram we uzynlygy 40 santimetrdir.

Laçyn ak şunkar tohumyna degişli bolup, dünýäde laçynlary köpeltmek boýunça iň gowy ferma hökmünde ykrar edilýän «Pacific Northwest Falcons»-da ýetişdirilen.

Laçyn awy ýakyn Gündogarda uzak taryha eýe bolup, Pars aýlagy sebitinde laçyna eýe bolmak abraýly hasaplanýar. Saud Arabystanynda jemi hasapda 20 müňden köpräk laçynlara seredýänler bolup, 2017-nji ýylyň iýul aýynda olaryň birleşmesi döredildi.

13-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Garahan depe: Müňýyllyklardan aşan rowaýatlar

Özbegistanda Türkmenistanyň iri lukmançylyk klasteri tanyşdyryldy

Türkiŷede gijeki syýahat: Ŷyldyzlaryň astynda aŷlanmak

Türkmenistan bilen Hytaý çaga lukmançylygy boýunça hyzmatdaşlyk eder

“EKSPO-2025”: Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Özbegistan Aşgabatda geçiriljek halkara sergide lukmançylyk mümkinçiliklerini hödürlär