JEMGYÝET

Rejep Taýyp Ärdogan: Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini goldarys

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimize Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu gutlag haty “Watan” habarlar gepleşiginde okaldy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny Türkiýe Respublikasynyň halkynyň hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

2021-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistana bolan döwlet saparymyň dowamynda hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde maňa hem-de Türkiýäniň wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirýärin.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkiýe tarapyndan hem goldanylan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolandan soňra Türkmenistan beýleki döwletler bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrdy we sebitde durnuklylygyň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşdy.

Türkiýe geljekde-de umumy taryhy, medeni gymmatlyklary bolan Türkmenistany hem-de onuň 26 ýylyň dowamynda üstünlikli amala aşyrýan Bitaraplyk derejesini goldar.

Gadyrly doganym, pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa, rowaçlyk we ösüş arzuw edýarin.

 

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

 

Orazgül Gurdowa: “Teatr – bu meniň durmuşym”

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan Türkmenistana geler

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi